JEMGYÝET

Wäşi Tim Bruk aradan çykdy

Beýik Britaniýanyň iň naýbaşy artistleriniň biri bolan Tim Bruk 80 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Ol sungat älemine 1960-njy ýyllarda başlady. Onuň ýerine ýetiren degişme sahnalary britan halkynyň aňyna müdimilik ornady. Ol sungat äleminde zähmet çeken döwründe özi ýaly halkyň aňynda orun alyp biljek sahnalary ýerine ýetirýän şägirtleriň birnäçesini taýýarlady. Tim Brugyň ýerine ýetiren sahnalar teleýaýlymlaryň üsti bilen Awstraliýa we Täze Zelandiýa ýaly birnäçe ýurtlarda görkezildi. Wäşi sungat äleminde birnäçe abraýly baýraklaryň eýesi bolmagy başardy.

Wäşiniň maşgala ýagdaýy babatda aýdanymyzda onuň iki ogul perzendi bar. Tim Bruk 1940-njy ýylyň iýul aýynyň 17-sine dünýä inýär.

Related posts

Türkmenistan Devlet Başkanı Türkmen Sporcuları Ödüllendirdi

vepa

Sowal

vepa

«Samsung» we «Google» kompaniýalary lukmanlara mugt hyzmat hödürledi

Ata Watan Eserleri