BIZNES

«Oppo Ace 2» simsiz zarýad alar

«Oppo Ace 2» akylly telefony kompaniýanyň ilkinji kabelsiz görnüşde zarýad alýan önümidir. Bu akylly telefon beýleki kompaniýalaryň önümlerine garanyňda has tiz wagtda zarýad almaga ukyplydyr. Bu telefona 5G ulgamy birikdirilen, barmak yz arkaly telefony gurmak we açmak ulgamy hem birikdirilen. «Oppo Ace 2» akylly telefonunyň ýady 256 GB barabardyr. Bu akylly telefonlary aprel aýynyň 20-sine Hytaýda müşderilere ýetiriler. Onuň bahasy 565 amerikan dollaryndan başlar. Kompaniýa bu telefonlary birnäçe görnüşdäki reňklerde alyjylara ýetirmegi maksat edinýär.

Related posts

Türkmenistan 2024-nji ýylda Fransiýada energetika forumyny gurnar

Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasy gurlar

“Gazprom”: tebigy gaza bolan isleg artýar

Ata Watan Eserleri