BIZNES

Türkmen-tatar işewürlik maslahaty geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew 15-nji martda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmen-tatar işewürlik maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bu maslahata Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar toparynyň agzalary bolan döwlet we pudaklaýyn edaralaryň wekilleriniň, ýurdumyzyň hem-de Tatarystanyň dürli pudaklarda işleýän kompaniýalarynyň birnäçesiniň wekilleriniň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy, onuň sebitleri, hususan-da, Tatarystan Respublikasy bilen dürli ugurlardaky däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini belledi.

Related posts

Hytaý Merkezi Aziýa 15 milliard dollar maýa goýum gönükdirdi

«Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri hakyndaky» Kanun kabul ediler

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Leave a Comment