BIZNES

Awstriýanyň kompaniýalarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Awstriýanyň kompaniýalarynyň wekilleri bilen türkmenistanly işewürleriň arasynda ikitaräplaýyn duşuşyklar geçirildi. Duşuşygy  Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow açdy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde Awstriýanyň Federal Ykdysady Palatasyny döredýän Awstriýa kompaniýalarynyň Türkmenistandaky işewür maksatly wekilhanalary yzygiderli hereket edýär. Munuň özi türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk ösdürmekde möhüm orun eýleýär. Bu bolsa awstriýaly kompaniýalaryň türkmenistanly işewürler bilen hyzmatdaşlyk saklamaga gyzyklanma bildirýändiklerini aýdyň subut edýär.

Awstriýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistana iş saparynyň dowamynda döwlet we hususy ulgamlaryň wekilleri bilen duşuşyklar guralar. Munuň özi türkmen we awstriýaly işewürleriň geljekde uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyna özboluşly badalga berer.

Related posts

Türkmenistan bilen Owganystan energetika pudagyndaky taslamalary ara alyp maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda bugdaý ekişine we pagta ýygymyna girişiler

Demiryol ve Karayolu Köprüsü ve Havalimanı İnşa Edilmektedir

vepa