BIZNES

Türkmen gazy Yragyň elektrik stansiýalarynyň zerurlyklaryny üpjün eder

Yrak Türkmenistandan bir gije-gündüziň 25 million kubmetr tebigy gaz import etmegi meýilleşdirýär. Bu möçberiň ýurduň 6 elektrik stansiýasynyň zerurlyklaryny 100 göterim üpjün etjekdigi mälim edildi.

Bu barada Yragyň Elektrik energetika ministrliginiň merkezi sebit elektrik önümçiligi boýunça baş direktory Ali Ahmed INA habarlar gullugyna beren beýanatynda habar berdi.

– Ýurduň Premýer-ministri Muhammed Şia as-Sudani tarapyndan Eýranyň üsti bilen bir günde 25 million kubmetr möçberinde goşmaça tebigy gaz import etmek babatda energetika ministri Aiýaz Ali Fadeliň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserni bilen gepleşikler geçirmek üçin wekilçilikli topar döredildi – diýyp, yrakly ygtyýarly wekil belläp geçdi.

Ol bu goşmaça tebigy gazyň elektrik energiýa bolan zerurlyklaryň artmagyny kanagatlandyrmak maksady üçin ulanyljakdygyny mälim etdi.

Yragyň Elektrik energetika ministrliginiň wekiliniň aýtmagyna görä, türkmen tebigy gazy Mansuriýa, Al-Sadr we Bismaýadaky elektrik stansiýalaryny, şeýle hem Bagdadyň günortasyndaky stansiýany we Al-Kuds we Al-Taji stansiýalaryny doly üpjün eder.

Mälim bolşy ýaly, noýabr aýynda Aşgabatda iki ýurduň wekilçilikli toparynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Onuň netijesinde gol çekilen teswirnama görä, 5 ýyl möhlet bilen her ýyl 9 milliard kubmetr türkmen tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen “swop” görnüşinde Yraga ibermek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

24-25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly sergi we maslahat geçiriler

Türkmenistan «Green EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň işewürler toparynyň Beýik Britaniýa saparynyň birinji güni

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň kompaniýalary “Agro Pack Turkmenistan-2026” halkara sergisine gatnaşdylar

«Türkmennebit» we «Petronas» täze maýa goýum taslamalary boýunça Teswirnama gol çekdiler

Aşgabatda Türkmenistan bilen “Petronas” kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy bellenildi