DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Gyrgyzystanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nury Gölliýewi kabul etdi. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nury Gölliýew Prezident Sadyr Žaparowa ynanç hatyny gowşurdy. Şeýle hem ikitaraplaýyn duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň ugurlary barada pikir alşyldy.

Sadyr Žaparow iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykandygyny belledi. Taraplar döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady we maýa goýum-önümçilik mümkinçilikleriniň doly açylmagy üçin zerur bolan işleriň geçirmegiň wajypdygyny bellediler.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti öz ýurdunyň Türkmenistany möhüm ykdysady hyzmatdaş hasaplap, söwda-ykdysady gatnaşyklary hil taýdan has-da giňeltmäge uly ähmiýet berýändigini mälim etdi.

Öz gezeginde ilçi Nury Gölliýew iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şeýle hem türkmen ilçisi ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek we berkitmek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.

Related posts

Türkmenistan-Hytaý: hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Napolýonyň şaý-sepleri we imperator aýalynyň täji: Luwr muzeýi dört minutda talaň edildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy