MEDENIÝET

Ýurdumyzyň meşhur aýdymçylary Lebap welaýatynda konsert bererler

Türkmenistanyň meşhur aýdymçylary Guwanç Ýazmämmedow, Zulfiýa Jumabaýewa, Parahat Pürjäýew we 2022-nji ýyldaky «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigiň ýeňijisi Rüstem Hallyýew dagy Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda baýramçylyk konserti bilen çykyş ederler.

2023-nji ýylyň 16-njy dekabrynda geçiriljek baýramçylyk konsertinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary gündogar sebitiň ýaşaýjylary üçin özleriniň ajaýyp aýdymlary bilen çykyş ederler.

Konsertler 14:00-da, 17:00-da geçiriler.

Related posts

Keşdeler barada gyzykly maglumatlar

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Arkadag şäherinde ilkinji gezek Wena baly geçirildi

Ata Watan Eserleri