BILIM

Oksford sözlügi tarapyndan ýylyň sözi saýlandy

Dünýä meşhur Oksford sözlügi hem beýleki sözlüklerden soňra ýylyň sözüni saýlady. Bu sözlük 2023-nji ýylyň sözi hökmünde “rizz” ýagny “özüne çekiji” diýen sözi saýlap aldy.

Oksford sözlügi tarapyndan geçirilen umumy pikir soraşma 30 müň adam gatnaşdy. 2023-nji ýylyň sözi sekiz sany sözüň arasyndan saýlanyp alyndy. Ses berişligiň dowamynda sözler dörde çenli azaldy, ýeňiji sözi bolsa, dil hünärmenleri saýladylar.

Köp sanly ýaşlaryň hem-de çagalaryň söýgüli kinosyna öwrülen “Möý adam” filminde surata düşen Tom Hollandyň “Rizz” sözüni ulanmagy bilen bu sözüň meşhurlygy has-da artdy. Tom Hollandyň söhbetdeşlikleriň birinde bu sözi ulandy we bu sözi ulanýanlary sany 15 essa ýokarlandy.

Jemgyýetçilik torlarynda we gündelik gepleşiklerde ýygy-ýygydan ulanmaga başlanan “Rizz” sözi etimologik taýdan “harizma” sözüniň gysgaldylan görnüşi hasaplanýar. Harizma şahsyýetiň intellektual we ruhy taýdan ýa-da başga bir görnüşde beýleki adamlaryň “ýüregine” täsir etmek ukybydyr.

Related posts

“TechWomen” maksatnamasy

Ata Watan Eserleri

Germaniýada talyp haky bilen okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Ylmy barlaglar we innowasiýalar” atly elektron žurnaly döredilýär