MEDENIÝET

Arkadag şäherinde «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçiriler

2023-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde ýurdumyzyň ýaş estrada aýdymçy ýaşlarynyň arasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçiriler. Bu barada Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Arkadag şäher Söwda toplumynyň «Arzuw» toý mekanynda geçiriljek «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigiň jemleýji tapgyryna, birnäçe tapgyrda geçirilýän bäsleşigiň düzgünnamasyna görä, ýylyň dowamynda eminler toparynyň hem-de «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynda, «Owaz» radioýaýlymynda halk köpçüliginden köp SMS habarnamasy gelen aýdymçylaryň 10-sy gatnaşar.

Öz söýgüli aýdymçyňyzyň ýeňiji bolup, «Ýylyň parlak ýyldyzy» adyna mynasyp bolmagyny isleýän bolsaňyz, onda öz sesleriňiz bilen ýaş estrada aýdymçylary goldap bilersiňiz.

Belläp geçsek, «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi 2009-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Onuň ilkinji ýeňijisi Türkmenistanyň at gazanan artisti Jahan Tagyýewa. Bäsleşigiň geçen 2022-nji ýyldaky ýeňijisi bolsa Rüstem Hallyýewdir.

Ýene-de okaň

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi