SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Türk howaýollary»: Aşgabat-Stambul ugry boýunça 9 gatnaw ýola goýulýar

Türkiýäniň «Türk howaýollary» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 1-nji noýabryndan Stambul — Aşgabat — Stambul ugurlarynda uçuşlaryň ýygylygyny hepdede 9 gezege çenli köpeltdi. Bu barada awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda çap edilen täzelenen uçuş tertibinde mälim edilýär.

Mundan beýläk, türk awiakompaniýasy Aşgabat-Stambul-Aşgabat ugry boýunça duşenbe, sişenbe, penşenbe, şenbe we ýekşenbe günleri bir gezek, çarşenbe we anna günleri iki gezek uçar gatnawlaryny amala aşyrar.

Hepdäniň her güni türk awiakompaniýasy Aşgabat-Stambul ugry boýunça uçar gatnawlaryny irden amala aşyrýar. Ýöne çarşenbe we anna günleri bolsa, agşamda uçar gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Awiapetekleriniň nyrhlary üýtgäp durýar.

Related posts

Bill Geýtsden täze pandemiýa barada…

Ata Watan Eserleri

Belgiýa adaty ýaşaýyşa dolanýar

Russiýa gyssagly wiza resmileşdirmek tertibi