SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýa gyssagly wiza resmileşdirmek tertibi

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda gyssagly wiza resmileşdirmek boýunça habarnama ýerleşdirilipdir.

Şol habarnamada “hususy, işewürlik, syýahatçylyk, okuw, ynsanperwer we gulluk iş” ýaly wiza görnüşleriniň gyssagly resmileşdirilmeginiň möhletiniň ýüz tutulandan soňra 3 iş gününiň dowamynda ýerine ýetirilýändigi ýatladylýar.

Adaty ýagdaýda wiza resmileşdirmek üçin möhlet 7 senenama günüdir.

Konsullyk bölümine resminamalar tabşyrylanda görkezilen möhletlere üns bermek maslahat berýäris.

Ýüz tutýan şahslaryň Russiýa awiapeteginiň bardygy hem bolsa, şondan gysga möhletde wiza resmileşdirmegiň mümkin däldigi bellenilýär.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/russiya-federasiyasy-ucin-wiza-almak/

Related posts

Ýüzüňizi Gün şöhlesinden goraň!

Uçar gatnawlarynda çäklendirme

Ýolagçy howa gatnawlaryň täze tertibi: Sentýabr 2021

Ata Watan Eserleri