SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dünýäniň iň gymmat ýurtlary

Her ýyl dünýäniň iň abraýly žurnaly hasaplanýan “CEOWORLD” tarapyndan Ýer ýüzündäki iň gymmat ýurtlaryň sanawy taýýarlanýar. Bu sanawda şol ýurtlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gymmatlylygy göz öňünde tutulýar. Dünýäniň iň gymmat ýurtlaryň sanawynda öňdeligi Ýewropanyň hem-de Aziýanyň ýurtlary eýeledi.

Täjirçilik žurnaly 132 ýurduň görkezijileri bilen tanyşdy. Şol görkezijileriň hatarynda  ýaşaýyş, geýinmek, taksi nyrhlary, jemgyýetçilik hyzmaty, internet, azyk önümleri, ulag we daşarda nahar edinmek ýaly ölçegler bar.

Şolaryň netijesi boýunça öňdäki orundaky ýurtlar şeýle:

1 – Şweýsariýa

2 – Norwegiýa

3 – Islandiýa

4 – Ýaponiýa

5 – Daniýa

6 – Bahama adalary

7 – Lýuksemburg

8 – Ysraýyl

9 – Singapur

10 – Günorta Koreýa

Related posts

Gök çaýyň düzüminde koronawirusa garşy peýdaly maddanyň bardygy anyklandy

Ýolagçy howa gatnawlaryň täze tertibi: Sentýabr 2021

Ata Watan Eserleri

Pandalar Katara göçerler

Ata Watan Eserleri