SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmen suratçy Türkiýedäki foto sammite gatnaşdy

Türkmenistanly suratçy, suratkeş Ahmet Hallyýew 2024-nji ýylyň 25-28-nji apreli aralygynda Türkiýäniñ Adyýaman şäherinde geçirilen halkara “Commagene Foto” sammite gatnaşdy.

Çärä jemi 69 suratçy gatnaşdy. Olaryñ hatarynda 6 ýurtdan halkara derejede tanymal 12 suratçy, şeyle hem dürli sebitlerden baýrakly orunlaryñ eýesi bolan 45 ökde suratçy bar. Suratçylar Adyýaman welaýatynyñ 9 etrabynyñ 60-a golaý gözel ýerlerini surata düşürdiler. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen 2 müñ 150 metr belentlikde ýerleşýän Nemrut dagy harabalygy bolsa suratçylarda ýakymly ýatlamalar galdyrdy.

Sammitiñ çäklerinde taryh, tebigat we medeniýet mowzuklary boýunça 20 müň surat düşürdildi we 300 wideo-dron ýazga geçirildi. Şäher häkimligi tarapyndan gurnalan çärä gatnaşan suratçylaryň sosial mediadaky neşirleri 5 milliondan gowrak boldy. Şeyle hem surat sunagty boýunça dürli duşuşyklar we çäreler guraldy.

Related posts

BSGG halkara karantin çärelerini üç aý uzaltdy

Ata Watan Eserleri

Sanjym etdirene pul berler

Arassaçylyk we ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça düşündiriş işleri güýçlendiriler