SIZDEN GELENLER

Ylym-bilim bilen galkynýar Diýar

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler, düýpli özgertmeler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan şan-şöhratly wakalar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen il-ýurt bähbitli ýörelgeleriniň barha rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmaklarynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem şeýle şan-şöhratly wakalaryň hatarynda mynasyp orun eýeledi we onda kabul edilen çözgütler halkymyzyň bähbidiniň döwlet syýasatynda hemişe esasy orundadygyny nobatdaky gezek bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.

Ählihalk forumynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň maksatnamalaýyn çykyş etmegi bagtyýar halkymyzy çäksiz buýsanja beslän waka bolup, bu taryhy çykyşlarda ýurdumyzyň şu güni we geljegi, ösüşli ýolumyzyň dowamat-dowam bolmagyny üpjün etmek bilen bagly wezipelere aýratyn üns çekildi. Bu bolsa il agzybir, ýurt parahat bolanda, ýetilmejek menziliň ýokdugynyň güwäsidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny dowam edýän hormatly Prezidentimiziň döwletlilik taglymatlarynyň döwrümiziň altyn taglymatydygyny aýdyň subut etdi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taryhy mejlisde eden çykyşlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy biziň buýsançly başymyzy has-da belende göterdi.

Gysga wagtyň içinde berkarar döwletimiziň ähli ugurlarynda belent sepgitlere eýe bolundy, syýasy, medeni, ykdysady babatda uly ösüşler gazanyldy. Ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni ojaklaryň, saglyk edaralarynyň, sport desgalarynyň gurluşyklary gowşamaýan depginlerde hem-de dünýä hil ülňülerine laýyk derejede dowam etdirilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarynyň durmuşy subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek maksady bilen öňe süren beýik başlangyçlary, durmuşa ornaşdyrýan netijeli özgertmeleri öňe sürlen meýilnamalaryň öz wagtynda amal edilmegini üpjün edýän giň möçberli şertleri emele getirýär. Ýurdumyzy ösdürmäge, halkyň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen il-ýurt ähmiýetli kabul edilen syýasy, ykdysady we hukuk özgertmeleri ähli ulgamlardaky işleriň örän çalt depginlerde öňe ilerlemegini üpjün etdi. Munuň şeýledigine gazanylýan ýokary ösüşler, ýaşaýyş-durmuş, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlaryndaky ýetilen belent sepgitler, durmuşa ornaşdyrylan ägirt uly işler, gazanylan üstünlikler şaýatlyk edýär.

Milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, bu ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Sanlyja ýyllaryň içinde bitirilýän beýik işleriň ähmiýetini, gymmatyny Watanyň goýnunda döredilen bagtyýar durmuş we şöhratly geljegiň berkden tutulan binýady has-da aýdyň görkezýär. Şunda halkymyzyň geçmişini bilýän, döwletimiziň bu günki ýeten belentliklerine guwanýan, buýsanýan, ylymly-bilimli, berkarar Diýarymyzy ösdürmäge ukyply hakyky watansöýüji nesilleri ýetişdirmek baş maksadymyz bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr» diýmek bilen, ýaş nesliň döwrebap sowatlylygyna, başarnygyna aýratyn ähmiýet berýär. Bilim ulgamynda täze tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy ýaşlaryň başarnygyny, dünýägaraýşyny, sowatlylyk derejesini has-da artdyrýar. Innowasion tehnologiýalaryň we täze usulyýetleriň okuw işlerine ornaşdyrylmagy sapaklaryň hil derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etdi. Islendik wagtda elýeterli elektron sözlükler we ensiklopediýalar, audio we wideo materiallary özünde jemleýän multimedia okuwlary, kitaplaryň elektron neşirleri, bilim saýtlary, internetiň üsti bilen bu ugurdaky maglumatlar — bularyň bary ýaşlaryň ruhy baýlygyny, başarnygyny artdyrmaga, sagdyn düşünjä eýe bolmagyna, şeýle hem jemgyýetiň sagdyn ösüşine kuwwatly itergi berdi.

Deniz Dädekow, 

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Ulaglar fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri