2023-nji 9-10-njy awgustynda Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Onda şu ýylyň sentýabr aýynda Duşanbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň 5-nji ýubileý mejlisine görülýän taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Täjigistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.
Geňeşmeleriň barşynda gün tertibiniň taslamalary, hususan-da, öňde boljak Duşanbe sammitiniň jemleri boýunça kabul ediljek resminamalar we bilelikdäki Beýannama boýunça jikme-jik pikir alşyldy.
Şeýle hem taraplar Täjigistan Respublikasynda öňde boljak Konsultatiw duşuşygyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilen 12 sany çärelere görülýän taýýarlyk işlerine seredildi.
