JEMGYÝET

Türkmenistan Gruziýa täze ilçi belledi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Döwletmyrat Seýitmämmedowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni berildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň gol çeken başga bir resminamasy bilen, Döwletmyrat Seýitmämmedow Türkmenistanyň Gruziýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellendi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Dowletmyrat Džoraýewiç Muratowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Gruziýadaky (Tbilisi şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşadylypdy.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistan Russiýanyň koronawirus sanjymyna ýokary baha berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygyna berk käýinç yglan edildi

Leave a Comment