JEMGYÝET

Türkmenistan-Indoneziýa hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 11-nji awgustynda wideokonferensiýa şekilinde Türkmenistanyň we Indoneziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň degişli düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeler geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça türkmen-indoneziýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletleriň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara we sebit guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy nygtaldy.

Taraplar mundan beýläk hem möhüm ugurlaryň birnäçesi boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini bellediler.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti Newa halkara ekologiýa kongresine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň doglan güni : Gutlag hatlar gelip gowuşýar

Ata Watan Eserleri

Täze ýyl üçin meýilleşdirilen çäreler

Leave a Comment