BILIM

Birinji synpa kabul edilmek üçin gerek bolan resminamalar

Türkmenistanyň paýtagtyndaky we welaýatlardaky orta mekdepler çagalary birinji synpa kabul etmek üçin resminamalary kabul etmek Awgust aýyndan başlaýar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda bellenilýär.

Mekdepde okamak üçin şu resminamalar gerek:

  • dogluş hakyndaky şahadatnama (göçürme);
  • ýaşaýan ýeriňdäki saglyk öýünden bellenilen nusgadaky lukmançylyk kartasy;
  • çagalar bagyndan häsiýetnama.

Şeýle hem mekdebe girmek üçin bellenen nusgada anketa doldurmaly we resminamalar tabşyrylanda ata-eneleriň pasportlary (asyl nusgalary) bolmaly. 2023-2024-nji okuw ýyly üçin birinji synplara 2017-nji ýylda doglan 6 ýaşly çagalar kabul edilýär.

Türkmenistanda işleýän orta mekdepleriň umumy sany iki müňe golaýlaýar. Ýurduň 200-e golaý mekdebi matematika, informatika, tebigy ylymlar, takyk ylymlar we ynsanperwer ylymlar, şeýle hem iňlis, rus, nemes, fransuz, italýan, hytaý we beýleki daşary ýurt dillerini öwretmäge ýöriteleşdirilendir.

Döwlet umumybilim edaralary hakynda DÜZGÜNNAMA laýyklykda Türkmenistanda Orta mekdeplerde okaýanlaryň ýaş aýratynlyklaryna we okuw maksatnamalaryna laýyklykda synplar aşakdaky görnüşlere bölünýär:

1) başlangyç synplar (başlangyç bilim maksatnamasyna baglylykda 1 -4-nji synplar);
2) orta synplar (esasy orta bilim maksatnamasy boýunça okadylýan 5 -10-njy synplar);
3) ýokary synplar (umumy orta bilim maksatnamasy boýunça okadylýan 11- 12-nji synplar)

 

5 müňe golaý okuwçy täze mekdeplerde okuwa başlar

 

 

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň täze web-sahypasy

Ýene-de okaň

Pars dili kurslarynyň gyşky möwsümi üçin ýazylyşyk

Iňlis dilini öwrenmek isleýänler üçin ygtybarly çeşme: Makul Sözlük

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

Amerikada Stipendiýa bilen bilim alasyň gelýärmi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Tramp emeli aňy çaltlandyrmak üçin “Genesis” missiýasyny işe girizdi