Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň gaýtadan saýlanan Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylan telefon söhbetdeşliginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi möhletinden öň geçirilen saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlady.
Ähli ugurlarda dowam eden gatnaşyklara uly kanagatlanma bildirildi. Ýylyň başynda hökümetara toparyň mejlisi üstünlikli geçirildi. Syýasy geňeşmeler guraldy. Ulag, energetika we medeniýet ministrleriniň duşuşyklary boldy.
Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy durnukly ösýär. Iki ýurduň doganlyk halklayrny ýakynlaşdyrýan ynsanperwer maksatnamalar durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we özara taslamalary ilerletmegiň möhümdigini bellediler.
Mälim bolşy ýaly, düýn Özbegistanda möhletinden öň prezident saýlawlary geçirildi. Onuň despalky netijelerine görä, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew sesleriň 87,05 göterimini alyp, gaýtadan prezidentlige saýlandy.
