JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Şawkat Mirziýoýewi ynamly ýeňşi bilen gutlady

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri telefon söhbetdeşliginiň barşynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini möhletinden öň geçirilen prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlap, doglanlyk özbek halkyna abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňky ýyllardaky türkmen-özbek dostluk gatnaşyklarynyň, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlygyň ösüş depginleri çuňňur kanagatlanma bellendi.

Netijeli hyzmatdaşlyk senagat, energetika, oba hojalygy we beýleki pudaklarda giňeldilýär. Parlament ugrundaky gatnaşyklar we ynsanperwer alyş-çalyşlar has hem güýçlendirildi.

Özbegistanyň Prezidenti we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sebitiň gün tertibiniň meseleleri barada pikir alyşdylar.

Mälim bolşy ýaly, düýn Özbegistanda möhletinden öň prezident saýlawlary geçirildi. Onuň despalky netijelerine görä, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew sesleriň 87,05 göterimini alyp, gaýtadan prezidentlige saýlandy.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti: Owganystan boýunça möhüm taslamalaryň dabaralarynyň şaýady bolarys

Ata Watan Eserleri

Asya oyunları kültürel etkinlikleri yapıldı

vepa

Hytaý Täze ýylyny garşylady

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment