JEMGYÝET

8 ýaşly balykçy rekord goýdy

Awstraliýanyň paýtagty Sidneýiň ýakynynda Jeýden Millauro atly 8 ýaşly balykçy oglanjyk 314 kilogramlyk akulany çeňňegine ildirdi diýip, «Daily Mail» neşiri habar berýär.

Oglanjyk kakasy we gaýygyň kapitany bilen Sidneýiň ýakasynda balyk awlap ýörkä, örän uly ýolbars akulany tutmagy başardy. Olar kenara gaýdyp gelensoň, tutulan nägehanyň rekord agramlyga eýedigi kesgitlenildi. Aýdylyşyna görä, Jeýden Millauro 2 ýaşyndan bäri balyk tutmaga gatnaşýar.
Ozalky rekord Ýan Hisseý atly balykça degişlidi. Ol 1997-nji ýylda 312 kilogramlyk ýolbars akulany awlady. Täze rekord balykçylygyň rekordlaryny hasaba alýan halkara gurama tarapyndan bellige alyndy.

Ýolbars akulalar ynsan üçin juda howpludyr. Olar 4,25 metre çenli ösüp, agramyny 635 kilograma çenli ýetirip bilýärler. Ginnesiň rekordlar kitabyna uzynlygy 5,5 metre, agramy bolsa ýarym tonna ýetýän akula girizilipdir.

Related posts

«Arkadag» topary ikinji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny eýeledi

Türkmenistanda 80 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Gazagystan-Owganystan ulag ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy

Ata Watan Eserleri