DÜNÝÄ

ŞHG-niň 23-nji sammiti onlaýn ýagdaýda geçiriler

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisi 4-nji iýulda geçiriler.

ŞHG-niň nobatdaky sammiti Hindistanyň premýer-ministriniň ýolbaşçylygynda, onlaýn ýagdaýda geçiriler.

Geňeşiň 23-nji mejlisiniň esasy resminamasy Deli jarnamasy bolar. Şeýle-de, sebitiň howpsuzlygyny, ykdysady ösüşi, medeni we ynsanperwer alyş-çalyşygy üpjün etmek bilen bagly möhüm kararlar kabul ediler we ara alnyp maslahatlaşylar.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy dünýädäki iň uly sebit guramasydyr. Oňa Russiýa, Hindistan, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Pakistan, Täjigistan we Özbegistan girýär.

Ýakynda geçiriljek ŞHG-nyň 23-nji sammitde Eýran Yslam Respublikasy täze agza hökmünde guramanyň işine dolulygyna gatnaşar.

Türkmenistan ýokary derejede, ŞHG-niň sammitlerine hormatly myhman hökmünde yzygiderli gatnaşýar.

Döredileli bäri, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy öz işini agza ýurtlaryň hoşniýetli goňşulygyny, birek-birege ynamyny güýçlendirmäge we ähli ugurlardaky hyzmatdaşly ösdürmäge gönükdirip alyp barýar.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri