2026-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew deňiz derejesiniň ýokarlanmagy bilen bagly howplara bagyşlanan BMG-niň ýokary derejeli plenar mejlisinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilliginiň jemgyýetçilik torunda habar berilýär.
Türkmenistanyň wekili çykyşynda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň çözülmeginde ylmy maglumatlara esaslanýan çäreleriň görülmeginiň, irki duýduryş ulgamlarynyň güýçlendirilmeginiň, uýgunlaşmak üçin maliýeleşdirmegiň elýeterli bolmagynyň hem-de howanyň üýtgemegine durnukly infrastrukturalaryň döredilmeginiň zerurdygyny belledi.
Çykyşda Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine aýratyn üns çekildi. Şeýle hem Aral deňziniň ekologik krizisi agzaldy. Bu ýagdaýlar suw derejesindäki üýtgeşmeleriň ekoulgamlara, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerine we sebitleriň ösüşine ýetirýän täsirleriniň mysaly hökmünde görkezildi.
Türkmenistan, mundan başga-da, Awaza Hereketler Maksatnamasynyň, BMG-niň Durnukly ulag boýunça 2026–2035-nji ýyllar üçin onýyllygynyň hem-de howanyň üýtgemegi bilen bagly täze ýüze çykýan meseleleri çözmekde halkara hukugynyň ähmiýetini nygtady.
