JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti 146 adama ýurtda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda karara gol çekdi

Daşary işler ministrligi we ýurduň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 146 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Olar dünýäniň 7 döwletiniň raýatlary we 16 milletiň wekilleridir. Olaryň 99-sy aýal-gyzlar, 47-si bolsa erkek adamlardyr.

Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlylyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow habar berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda Karara gol çekdi.

Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda bellenilmegine görä, häzirki wagta çenli 5 müň 294 sany daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi

Related posts

İran Fuarı Aşkabat’ta açılıyor

vepa

Erik Stýuart:”Makul Sözlük” ýurtlarymyzyň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň giňelmegine hyzmat eder

Fransiýa çempion!!!

vepa