JEMGYÝET

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli günä geçişlik: 1054 iş kesilen raýat boşadylýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, döwlet Baştutany hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň günäsiniň geçilýändigini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berdi.

B.Gündogdyýew jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryňTürkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli günäsini geçmek boýunça degişli toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, iş kesilen 1054 raýatymyzyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz günäsi geçilen adamlaryň tussaglykdan boşadylyp, ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barmaklary üçin, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, ezizi Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Related posts

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk

vepa

Magtymguly Pyraga bagyşlanan dabaralar ýokary derejede geçiriler

Garlık Potasyum gübre fabrikası hizmete açıldı

vepa