DÜNÝÄ

Gyrgyzystanyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana özüniň ilkinji resmi saparyny amala aşyrar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow 27-28-nji iýunda ýurdumyzda saparda bolar. 1992-nji ýylyň oktýabrynda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklayrň ýola goýlan pursatyndan başlap, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürilýändigi bellenildi.

Häzir däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýady resminamalaryň 60-syny özünde jemleýär. Türkmenistan we Gyrgyz Respublikasy abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hem işjeň hereket edip, birek-birege özara goldaw berýärler.

Öňde boljak saparyň çäklerinde dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.

 

26-njy iýunda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Related posts

Türkmenistan bilen Monako medeniýet, sport we haýyr-sahawat pudagynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmen-özbek parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Erik Stýuart bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri