DÜNÝÄ

Türkmenistan BMG-de TDG-niň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) daşary işler ministrleriniň geňeşiniň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy. Oňa Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew gatnaşdy.

Resmi däl duşuşyga Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan, Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Jeenbek Kulubaýew, Gazagystanyň daşary işler ministri Muhtar Tlueberdi, şeýle hem guramanyň baş sekretary Kybanyçbek Ömüraliýew gatnaşdy.

Türkmen tarapy mejlisinde çykyş edip, sebit gepleşiklerini amaly we anyk netijeli hyzmatdaşlyga öwürmegiň zerurdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Hemişelik wekili ulag, söwda we Hazar deňzi boýunça özara baglanyşygy berkitmek, energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hem-de TDG bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaözara gatnaşyklary ösdürmek meselelerine ünsi çekdi.

Şeýle hem, umumy sebit ilkinji nobatdaky wezipelerini goldap biljek binýat hökmünde BMG-niň 2026–2035-nji ýyllar üçin Durnukly ulag onýyllygyna aýratyn üns berildi.

Türkmen tarapy BMG ulgamynyň çäginde bilelikdäki medeni başlangyçlary, şol sanda Bütindünýä Türki diller maşgalasy güni bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy barada ýene bir gezek tassyklady.

Related posts

Robert Frensis Prewo – täze Rim Papasy

Ata Watan Eserleri

Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistana geldi

Türkmenistanyň wekiliýeti Astanadaky «Regional Eco Summit 2026» sammitine gatnaşdy