DÜNÝÄ

Raşid Meredow bilen Sergeý Lawrowyň telefon söhbetdeşligi

2025-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşlikde taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we halkara syýasy arenada özara gatnaşyklaryň möhümdigini aýtdylar.

Şu nukdaýnazardan, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda gol çekilen 2025-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk maksatnamasyna laýyklykda, daşary işler ministrleri derejesinde gepleşikler we gatnaşyklar ýaly işjeň syýasy gepleşikleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Related posts

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi

24 metrlik Täze ýyl arçasy Nýu-Ýorka getirildi

Ýaponiýa we ABŞ gatnaşyklaryň “täze altyn asyry” barada ylalaşyga gol çekdiler