DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Türk metbugatynyň habaryna görä, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şu ýylyň 12-nji noýabrynda Stambulda geçiriljek Türk geňeşiniň 8-nji sammitine görülýän taýýarlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) onlaýn Sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşypdy.

Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi türki dilli halklaryň hem-de umumy kökleri, taryhy we milli-medeni gymmatlyklary bolan ýurtlaryň arasynda jebislige hem-de bilelikdäki netijeli işe ýardam edýän möhüm ähmiýetli gurama öwrüldi.

Türkmenistana Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşinde synçy derejesiniň berilmegi meýilleşdirilýär.

Bu halkara guramanyň 2009-njy ýylyň oktýabrynda döredilendigini bellemek gerek. Häzirki wagtda Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan Respublikasy we Türkiýe Respublikasy Türki geňeşiň agzalary bolup durýar.

 

Angliýadan “Sinowak” karary

 

Ýene-de okaň

Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň ösüş strategiýays ministri bilen duşuşdy

Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň Gyzyl kitabyny döretmegi teklip etdi

Bütindünýä banky Merkezi Aziýanyň taslamalaryna 1 milliard dollar maýa goýdy