DÜNÝÄ

Özbegistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýewi kabul etdi. Türkmen wekiliýeti söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin Daşkent şäherine bardylar.

Özbegistanyň resmi habarlar gullugynda bellenilip geçilişi ýaly, taraplar iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen wekiliýeti Özbegistanyň Prezidentini kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň gyzgyn salamyny ýetirdi.

Şeýle hem türkmen wekiliýeti Daşkent şäherinde geçirilen söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň mejlisiniň esasy netijeleri barada maglumat berdi.

Özbegistanyň Prezidenti öňde boljak sammite ählitaraplaýyn taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belledi.

 

“Apple”: “iPhone 13” telefonyny tanyÅŸdyrdy

 

Ýene-de okaň

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça teswirnama gol çekdiler

Azerbaýjan bilen Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy