DÜNÝÄ

Azerbaýjanyň SOCAR kompaniýasy Aşgabatda wekilhanasyny açdy

Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde öz ýurdunyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) wekilhanasynyň edarasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada azerbaýjan metbugaty habar berýär.

Azerbaýjanyň meşhur Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) wekilhanasynyň edarasynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew hem gatnaşdy.

– Türkmenistana amala aşyran saparymyzyň çäklerinde SOCAR kompaniýasynyň ýolbaşçysy Rowşan Najaf bilen bilelikde SOCAR-yň Aşgabatdaky wekilhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdyk. Bu başlangyç Azerbaýjanyň nebit kompaniýasynyň Türkmenistandaky işlerini uzakmöhletleýin esasda berkitmäge, şeýle hem iki ýurduň energetika pudagynda umumy bähbitlere esaslanýan hyzmattdaşlygy alyp barmaga ygrarlydygyny görkezýär – diýip, Mikail Jabbarow belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanda Şäherleriň Bütindünýä Forumy başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Türkiýede saparda boldy

Ýa.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary

«Miras» modalar öýi Kazanda lybaslar toplumyny görkezdi

Türki Döwletleriň Guramasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmen zyýaratçylary haj zyýaratyna ugradylar