DÜNÝÄ

Türkmenistan Özbegistana tebigy gaz eksport eder

Türkmenistan bilen Özbegistan 1,5 milliard kubmetr tebigy gaz eksporty boýunça ylalaşyk gazandy. Bu barada “Uzdaily” internet neşiri habar berýär.

Bu ugurda özara ylalaşygyň Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Sardor Umurzakowyň arasyndaky duşuşykda gazanylandygy mälim edilýär.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Sardor Umurzakowyň Aşgabada amala aşyran saparynyň çäklerinde Özbegistana bir gije-gündüziň dowamynda goşmaça 20 million kubmetre çenli ýa-da 3 aýyň dowamynda umumy 1,5 milliard kubmetr tebigy gazyň eksport edilmegi babatda gepleşikler geçirildi. Bu ugurda degişli şertnamanyň baglaşylandygy bellenilýär.

Türkmenistandan iberiljek tebigy gaz Özbegistanda bu gyş döwründe emele gelen tebigy gaz ýetmezçiligi meselesiniň çözmegine ýardam eder.

Şu ýyl gyş paslynda Özbegistanda howanyň derejesi has pese gaçdy.

Related posts

Jo Baýden koronawirus bilen keselledi

Ata Watan Eserleri

Türkmen-slowen hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmen-eýran gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Leave a Comment