DÜNÝÄ

2024-nji ýylda geçiriljek möhüm çäreler

ABŞ-da we Russiýada geçiriljek prezident saýlawlary, Pariždäki Tomusky Olimpiýa oýunlary we beýlekiler: şu ýyl dünýäde bolup geçjek möhüm wakalar barada gysgaça?

BRICS GURAMASYNYŇ AGZALARY ARTDY

  • Braziliýadan, Russiýadan, Hindistandan, Hytaýdan we Günorta Afrikadan ybarat hökümetara BRICS topary şu ýyl bäş sany täze agzany kabul etdi. Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Eýran, Müsür we Efiopiýa 1-nji ýanwarda BRICS-iň täze agzalary boldy.

AFRIKA MILLETLER KUBOGY GEÇIRILER

  • Şirmaýy Kenar Respublikasy 13-nji ýanwar bilen 11-nji fewral aralygynda geçiriljek 34-nji Afrika Milletler Kubogyny kabul eder.

RUSSIÝADA SAÝLAWLAR

  • 15-17-nji martda Russiýada prezident saýlawlary geçiriler. Saýlawlara Prezident Wladimir Putin hem garaşsyz dalaşgär hökmünde gatnaşýar. Ilkinji gezek ýurtda saýlawlar 3 gün dowam edýär we onlaýn ses bermek hem göz öňünde tutulýar.

HINDISTANDA ÄHLUMUMY SAÝLAWLAR

  • Dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hindistanda hem ählumumy saýlawlar geçirilýär. Premýer-ministr Narendra Modiniň ýolbaşçylygyndaky partiýa ýeňiş gazanan halatynda, Modi 3-nji möhlete hökümet baştutanlygyna saýlanar.

ÝEWROPA PARLAMENTINIŇ TÄZE DÜZÜMI DÜZÜLER

  • 6-9-njy iýun aralygynda geçiriljek saýlawlarda 720 orunly Ýewropa Parlamentiniň täze düzümini saýlar. 2020-nji ýylda Beýik Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň düzüminden çykmagyndna soňra geçiriljek ilkinji saýlaw bolar.

PARIŽDE OLIMPIÝA ALAWY ALAWLAR

  • 2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlary 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda Fransiýanyň paýtagtynda geçiriler. Gandbol, futbol we regbi ýaryşlary 24-nji iýulda başlar.

TRAMPMY, BAÝDEN SAÝLANAR?

  • Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 2020-nji ýyldaky ýaly, noýabr aýynda ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Tramp bilen häzirki prezident Jo Baýdeniň arasynda saýlaw geçirer diýlip garaşylýar.

AZERBAÝJANDA “COP 29” MASLAHATY GEÇIRILER

  • Azerbaýjanda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahaty (COP29) geçirilýär. Ýokary derejedäki maslahat 11-24-nji noýabr aralygynda paýtagt Bakuda geçiriler.

Related posts

Gıda Ürünlerinin Denetimi İçin İlk Özel Laboratuvar

vepa

Türkmenistan Hytaýa iberýän tebigy gazynyň möçberini artdyrar

Türk hünärmeni: türkmen tebigy gazy global energetika deňagramlylygyna täsirini ýetirýär