DÜNÝÄ

2024-nji ýylda geçiriljek saýlawlar

2024-nji ýylda dünýäniň köp ýurtlarynda dürli görnüşdäki saýlawlary geçirmek göz öňünde tutulýar. Dünýäniň ykdysady bazarlary nukdaýnazaryndan ABŞ-daky prezident saýlawlary has möhüm ähmiýete eýedir. Umuman, üstümizdäki ýylda ýanwar aýynda Taýwan bilen başlanjak we noýabr aýynda ABŞ-nyň prezident saýlawlaryna çenli dowam etjek döwürde 40 sany saýlaw geçiriler.

Şol saýlawlaryň has möhümleri barada aýdylanda:

  • 2024-nji ýylyň 7-nji fewraly: Azerbaýjanda nobatdan daşary prezident saýlawlary geçiriler.
  • 2024-nji ýylyň 14-nji fewraly: Indoneziýada prezident saýlawlary geçiriler. 200 milliondan gowrak saýlawçy gatnaşar.
  • 2024-nji ýylyň 15-17-nji marty: Russiýada prezident saýlawlary geçiriler. Wladimir Putin garaşsyz dalaşgär hökmünde bolar.
  • 2024-nji ýylyň 31-nji marty: Türkiýede ýerli saýlawlar geçiriler.
  • 2024-nji ýylyň apreli: Hindistanda ählumumy saýlawlar geçiriler.
  • 2024-nji ýylyň 6-9-njy iýuny: Ýewropa parlamentiniň saýlawlary geçiriler.
  • Günorta Afrika Respublikasynda hem prezident saýlawlary geçiriler.
  • Wenesuelada hem ählumumy saýlawlar geçiriler.
  • 2024-nji ýylyň 5-nji noýabry: ABŞ-da prezident saýlawlary geçiriler. Amerikanyň halky ýurduň 47-nji prezidentini saýlar. Häzirki Prezident Jo Baýden bilen Donald Tramp hem saýlawlara gatnaşar.

Related posts

Türkmenistan “Aquatech Amsterdam 2025” halkara ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyryldy

Türkmenistanyň Mejlisinde Fransiýanyň senatory bilen duşuşyk geçirildi

Dünýäniň iň garry ýaşaýjysy

Ata Watan Eserleri