DÜNÝÄ

Her aýda 400 milliard amerikan dollaryna golaý zyýan

Pandemiýa dünýä ykdysadyýetine her aýda 400 milliard amerikan dollaryna golaý zyýan ýetirýär. Häzire çenli bütin dünýä boýunça 500 million iş orny ýitirildi. Mundan başga-da, sebitde we Ýer ýüzünde ekologiýa ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy düýpli ynjalyksyzlyk döredýär diýip Ruhyýet Köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen düýn geçirilen duşuşygynda bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz, häzirki döwürde dünýä çalt depginler bilen özgerýär. Her hepdede diýen ýaly, täze soraglary ýüze çykarýar. Bu soraglar gyssagly çözülmegini talap edýär. Bütin adamzat bolsa, koronawirus pandemiýasy sebäpli, ählumumy çökgünligi başdan geçirýär. Bu bolsa, soňky ýüz ýylda adamzadyň başyna düşen iň uly betbagtlykdyr diýip aýtdy.

Biz goňşy ýurtlar we dünýä bileleşigi bilen bilelikde, Aral deňziniň guramagy netijesinde dörän ekologiýa betbagtlygynyň netijelerini azaltmak boýunça alyp barýan işlerimizi dowam edýäris. Ýöne, bu ugurda ýagdaý heniz çylşyrymly bolmagynda galýar. Şeýle bolansoň, biz deputatlarymyzdan bolup geçýän bu ýagdaýlar bilen bagly çalt we anyk çärelere garaşmaga haklydyrys. Deputatlar möhüm ähmiýetli kanunçylyk namalaryny çalt taýýarlap, kabul etmelidirler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

«Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri hakyndaky» Kanun kabul ediler

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Gazagystanyň Prezidenti ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy

Türkmenistan ÝB we Merkezi Aziýanyň Owganystan boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Şawkat Mirziýoýew Donald Trampy Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy

Tramp ABŞ bilen Eýranyň arasynda ylalaşygyň baglaşylandygyny mälim etdi

Donald Tramp 80 ýaşady