DÜNÝÄ

Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistanda döwlet saparynda bolar

2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Mongoliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Dorj Baýarhuu bilen duşuşdy.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary syýasy edaralarynyň üsti bilen ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlylyk beýan edildi.

Taraplar şu ýylyň güýzünde Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana amala aşyrjak döwlet saparyna taýýarlyk işlerine aýratyn üns berdiler.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Jozef Baýdeni gutlady

Mariana çöketliginiň düýbüne ýetildi

Hytaý-Täjigistan serhedinde ýer titredi