DÜNÝÄ

Buffon: ýene bir ýyldyz taryha öwürlýär

Italiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ady rowaýata öwrülen derwezeçisi, futbol muşdaklarynyň ençemesiniň gahrymany Janluiji Buffon şu möwsüm tamamlanansoň, futbol bilen hoşlaşar. 28-nji ýanwarda 41 ýaşyny dolduran derwezeçi häzirki topary ― PariŽiň PSŽ-si bilen şertnamasyny uzaltmaz we mundan soň hiç bir topar bilen şertnama baglaşmaz.

Aslynda, Buffon geçen ýyl “Ýuwentusdan” gaýdansoň, karýerasyny tamamlamakçydy. Ýöne 41 ýaşly derwezeçiniň karýerasyndaky iň uly armany Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň kubogydyr. Şol arzyly kubogy PSŽ-de gazanmak islän derwezeçiniň arzuwy ýene-de amala aşmady.

Ýakyn ýyllarda Buffonyň tälimçilige başlamagyna-da garaşylýar.

Related posts

ABŞ-nyň ilçisi Elizabet Rud Türkmenistana geldi

Azerbaýjan Ukraina awtobuslary berdi we 45 million dollar möçberinde kömek etdi

Tramp Messiniň, Ronaldonyň we Keýniň oýnuna ýokary baha berdi