DÜNYA

Buffon: ýene bir ýyldyz taryha öwrülýär

Italiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ady rowaýata öwrülen derwezeçisi, futbol muşdaklarynyň ençemesiniň gahrymany Janluiji Buffon şu möwsüm tamamlanansoň, futbol bilen hoşlaşar. 28-nji ýanwarda 41 ýaşyny dolduran derwezeçi häzirki topary ― PariŽiň PSŽ-si bilen şertnamasyny uzaltmaz we mundan soň hiç bir topar bilen şertnama baglaşmaz.

Aslynda, Buffon geçen ýyl “Ýuwentusdan” gaýdansoň, karýerasyny tamamlamakçydy. Ýöne 41 ýaşly derwezeçiniň karýerasyndaky iň uly armany Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň kubogydyr. Şol arzyly kubogy PSŽ-de gazanmak islän derwezeçiniň arzuwy ýene-de amala aşmady.

Ýakyn ýyllarda Buffonyň tälimçilige başlamagyna-da garaşylýar.

Related posts

Türkmenistan ile İrlanda Dışişleri Bakanları telefonda görüştü

Yerli ve yabancı vatandaşlar için af ilan edildi

“Frozen 2” multfilmi kino dünýäsiniň taryhynda rekordy täzeledi

vepa