DÜNÝÄ

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Argentina Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Enrike Ignasio Ferrer Wiýeýradan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda diplomat Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem  ýurdumyzyň dünýäde  parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy berkitmek babatda öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň ähmiýetine üns çekildi.

Taraplar iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, parahatçylygy ilerletmekde, ýurtlaryň we halklaryň arasynda ynanyşmagy berkitmekde, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.

Şunuň bilen birlikde, ýurtlaryň arasynda parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň döwletara gatnaşyklaryň mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi. Şunda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlaryna möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi Türkmenistan bilen Argentinanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigi barada ynandyrdy.

Ýene-de okaň

Ýa.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary

«Miras» modalar öýi Kazanda lybaslar toplumyny görkezdi

Türki Döwletleriň Guramasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmen zyýaratçylary haj zyýaratyna ugradylar

Türki siwilizasiýasynyň merkeziniň düýbi tutuldy

Buharestde konsullyk meseleleri boýunça türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi