2026-njy ýylyň 21-22-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwa şäherinde saparda boldy.
Saparyň maksady Halkara gatnaşyklary instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň (Uniwersitetiniň) arasyndaky özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Saparyň çäklerinde G.Ýusupowanyň MGIMO-nyň rektory Anatoliý Torkunow hem-de Halkara gatnaşyklary fakultetiniň dekany Andreý Suşensow bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda 2017-nji ýylyň oktýabrynda gol çekilen Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň DIM-iň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň (Uniwersitetiniň) arasyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmegiň çäklerinde bilim edaralarynyň ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerine garaldy.
Ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary talyplary we mugallymlary yzygiderli alyşmagyň, halkara gatnaşyklary we energetika diplomatiýasy boýunça bilelikdäki bilim maksatnamalaryny işläp düzmegiň, şeýle hem talyplary halkara we jemgyýetçilik-diplomatik işlere çekmäge gönükdirilen başlangyçlary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge hem-de ýokary okuw mekdepleriniň bilim, ylmy-barlag we halkara mümkinçiliklerini nazara alýan hyzmatdaşlygyň gün tertibini işläp düzmäge bolan özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.

***
Soňra G.Ýusupowanyň Russiýa Federasiýasynyň DIM-iň GDA ýurtlary boýunça üçünji departamentiniň direktory Aleksandr Sternik bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüşi barada pikir alyşdylar. Ýokary derejedäki gatnaşyklar bu hyzmatdaşlygy ösdürmäge itergi berýär.
Medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-rus dialogynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bilim we ylym ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi.
***
22-nji aprelde türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň wekiliýetiniň saparynyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň DIM-iň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynda (Uniwersitetinde) Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky halkara akademiki hyzmatdaşlygyň strategiýalaryna bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi.
Duşuşyga MGIMO-nyň düzüm bölümleriň ýolbaşçylary, bilermenler jemgyýetiniň wekilleri, professor-mugallymlar, türkmen talyplary hem-de MGIMO-da türkmen dilini öwrenýän talyplar gatnaşdylar.
Türkmenistanyň DIM-iň HGI-niň rektory G.Ýusupowa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhy, häzirki ýagdaýy we geljegi barada çykyş etdi. Çykyşda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň gün tertibinde ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alnyp maslahatlaşmak girizildi. Magistrantlar we mugallymlar üçin akademiki alyşmak maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, talyplar üçin gysga möhletli özara tejribelik okuwlaryny, mugallymlaryň saparlary guramak, diplomatik gulluk we energetika diplomatiýasy boýunça bilelikdäki bilim maksatnamalaryny işläp düzmek we durmuşa geçirmek, ylym we bilermenler ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýeti, şol sanda “Türkmen dili” dersi boýunça bilelikdäki okuw kitabyny neşir etmek hem-de ylmy işleri özara neşir etmek geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Ýaşlar diplomatiýasyna, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygy we dialogyň medeniýetini berkitmekdäki ornuna aýratyn üns berildi.
Taraplar häzirki döwürde isleg bildirilýän ýokary derejeli halkaraçy hünärmenleri taýýarlamak babatynda tagallalary utgaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Duşuşygyň jemleri boýunça ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek üçin amaly ädimler kesgitlenildi.
