DÜNÝÄ

Saud Arabystany Ýakyn Gündogarda milliardlarça agaç ekmegi meýilleşdirýär

Saud Arabystany Ýakyn Gündogaryň çäginde milliardlarça agaç ekmegi meýilleşdirýär.

Report agentliginiň habar bermegine görä, bu barada “Quality of Life Program Center” merkeziniň wekili Abdullah J. Alharbi Bakuda geçirilýän Şäherleriň Bütindünýä forumynyň (WUF13) çäginde geçirilen plenar mejlisinde belläp geçdi.

Onuň bellemegine görä, 2021-nji ýylda işe girizilen “Saudi Green Initiative” maksatnamasynyň çäginde eýýäm 151 milliondan gowrak agaç ekildi.

“Biz Ýakyn Gündogaryň ähli ýerinde milliardlarça agaç ekmegi meýilleşdirýäris” diýip, Alharbi aýtdy.

Ol ýaşyl giňişlikleriň ösdürilmeginiň ilatyň durmuş hilini ýokarlandyrmaga hem-de şäherleriň howa üýtgemelerine garşy durnuklylygyny güýçlendirmäge ýardam edýändigini nygtady.

“Eger ösüşiň we özgertmeleriň merkezinde adamlar duran bolsa, onda ekologik artykmaçlyklar öz-özünden emele geler” diýip, Saud Arabystanynyň wekili aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary