DÜNÝÄ

Türkmenistan-BSGG: bilelikde çäreler guralar

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) arasynda 2023-nji ýylyň ahyryna we 2024-nji ýylyň birinji ýarymyna çenli dürli derejedäki bilelikdäki çäreleri guaramak babatda ylalaşyk gazanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy habar berýär.

Bu ylalaşyk Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet sanitariýa we epidemiologiýa gullugynyň başlygy A. Öwezowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň BSGG-niň baş direktory Tedros Gebreýesus bilen geçirilen duşuşygynda gazanyldy.

Türkmen tarapy bilen BSGG-niň arasyndaky duşuşyk Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen ilkinji lukmançylyk-sanitar kömegi boýunça global maslahatyň çäklerinde guraldy.

Şeýle hem duşuşykda saglygy goraýyş ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Related posts

«Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» kitabynyň pars dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Fransiýada 12 dalaşgärli prezident saýlawlary

Ata Watan Eserleri

Raýatyň jenaýat işine çekilmändigi barada kepilnama ulgamyna türkmen dili goşuldy