DÜNÝÄ

Italiýanyň Prezidentine Türkmenistanyň çakylygy gowşuryldy

2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň Kwirinal köşgünde Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Ilçisi T.Kömekow bilen Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň diplomatik geňeşçisi Fabio Kassezeniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda F.Kassezä türkmen halkynyň milli lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella ýollanan 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan edilmegine we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Halkara foruma çakylyk gowşuryldy.

Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Related posts

Gyrgyzystanyň Prezidenti Moskwadaky harby ýörişe gatnaşar

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti Özbegistanda geçiriler

2021-nji ýylda hökümetara resminamalaryň 200-den gowragyna gol çekildi