DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti BAE-niň senagat ministri Sultan Al Jaber bilen duşuşyk geçirdi

BAE-niň Abu-Dabi şäherinde geçirilen ADIPEC-2025 sergisiniň we maslahatynyň çäginde, 2025-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň «Türkmenebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Senagat we ösen tehnologiýalar ministri, ADNOC kompaniýasynyň toparynyň dolandyryjy müdiri we baş ýerine ýetiriji direktory doktor Sultan Al Jaberiň arasynda duşuşyk geçirildi.

G.Agajanow sergä gatnaşmak üçin iberilen çakylyk, myhmansöýerlik hem-de ýokary derejede guralan çäre üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösýändigini belläp, «Türkmenebit» döwlet konserni bilen ADNOC kompaniýasynyň arasynda golaýda baglaşylan hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygyň ähmiýetini nygtady.

Duşuşykda taraplar nebit-gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, maýa goýum mümkinçilikleriniň we ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Doktor Sultan Al Jaber Türkmenistanyň konstruktiw çemeleşmesine we hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berdi hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmäge taýýardygyny tassyklady.

Related posts

Türkmenistanyň daşary işler ministri ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşdy

Eýranyň daşary işler ministri Russiýa barar

Türkmenistan-Pakistan: diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy