JEMGYÝET

Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistanyň wekiliýetini kabul etdi

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Habar berlişine görä, taraplar söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklar, şeýle hem energetika we ulag logistikasy ýaly özara gatnaşyklary öz içine alýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gyrgyz Lideri  Gyrgyzystanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny belläp, Türkmenistandan Gyrgyzystana energiýa üpjünçiligi bilen baglanyşykly goldawlary üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.

Gyrgyzystanyň Prezidenti ulag-logistika hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini belläp, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň depginine kanagatlanma bildirdi.

Türkmenistanyň wekiliýeti öz gezeginde kabul edendigini üçin Gyrgyz Liderine minnetdarlyk bildirip, Sadyr Žaparowyň 2021-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran ilkinji döwlet saparynyň dwöletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm tapgyr bolandygyny belledi. Şol saparyň çäklerinde Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini mundan beýläk-de artdyrmak babatda möhüm ugurlaryň ara alnyp maslahatlaşylandygy bellenildi.

Türkmen tarapy Türkmenistanyň mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny belläp, bilelikdäki tagallalaryň iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga kömek etjekdigi bellenildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady