JEMGYÝET

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy döredildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniñ mejlisi geçirildi. Onda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyñ döredilmegine bagyşlanan meselä seredildi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Hormatly Prezidentimiz bu barada degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýuridik şahs hökmünde döredildi. Aşgabat şäheriniñ Çandybil şaýolunyñ ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyñ Halkara maslahatlar merkeziniñ binalar toplumynda ýerleşdirmegi kesgitlenen we gaznanyñ tertipnamasy we gurluşy, işgär sany tassyklandy.

Şeýle hem R. Bazarow haýyr-sahawat gaznasynyñ ýerine ýetiriji direktory wezipesine bellendi. Mundan başga-da ýurdumyzyñ Merkezi bankynda bu gaznanyñ hasaplaşyk hasaby açyldy.

Türkmenistanyñ Mejlisiniñ karary esasynda gazna hormatly Prezidentimiziñ ady dakyldy. Mundan beýläk ol Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy diýlip atlandyryldy.

 

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy