DÜNÝÄ

Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa üçin täze ýörite wekil belledi

Ýewropa geňeşi Eduard Stipraýsy Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça täze ýörite wekili hökmünde belledi. Ol 2025-nji ýylyň 1-nji martynda öz täze wezipesine girişer we ol bu ugurda 2 ýyl zähmet çeken Terhi Hakalanyň ornuny alar.

Ýewropa Geňeşiniň metbugat beýanatyna görä, ÝB-niň ýörite wekiliniň esasy wezipeleriniň biri Ýewropa Bileleşigi bilen Mekrezi Aziýanyň arasyndaky özara gatnaşyklary umumy gymmatlyklar esasynda ösdürmekden ybaratdyr.

Eduard Stipraýs uly tejribä eýe latwiýaly diplomatdyr. Ol Latwiýanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky hemişelik wekili bolup zähmet çekdi we Latwiýanyň Daşary işler ministrliginiň syýasy müdirliginiň döwlet sekretarynyň orunbasary boldy.

Şeýle hem ol 2016-2020-nji ýyllarda Ýewropa Bileleşiginiň Özbegistandaky wekilhanasynyň wekili boldy we mundan başga-da, Latwiýanyň Beýik Britaniýada we Fransiýada ilçisi bolup işledi.

Related posts

Meksikanyň ilkinji zenan Prezidenti wezipesine girişdi

Türkmenistan Ählumumy Ýaşyl ösüş institutynyň ministrler derejesindäki maslahatyna gatnaşdy

Aral deňzi boýunça möhüm kararnama

Ata Watan Eserleri