DÜNÝÄ

Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Prezidentleri duşuşar

Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň özara sammitini geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu ýokary derejedäki duşuşygy 31-nji martda geçiriler.

Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Edil Baýsalow Ženewada geçirilýän BMG-niň adam hukuklary boýunça geňeşiniň 58-nji mejlisinde eden çykyşynda bu barada habar berdi.

Edil Baýsalow gyrgyz-täjik dwölet serhedi boýunça degişli ylalaşygyň gazanylandygyny belläp, munuň diplomatiýanyň taryhy üstünlidigini aýtdy.

Ol özara digalogyň çäklerinde ähli meseleleriň üstünlikli çözülýändigini bellän Edil Baýsalow 31-nji martda Täjigistanyň Hujand şäherinde taryhda ilkinji gezek üçtaraplaýyn sammitiň geçiriljekdigini belledi. Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň sammiti sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin esasy ädim boljakdygy aýdyldy.

Related posts

Ýerli we daşary ýurt raýatlaryna medallar gowşuryldy

Lawrow: gaz bileleşigi ähli gatnaşyjylar üçin bähbitli bolar

Ata Watan Eserleri

Odri Azule täzeden ÝUNESKO-nyň baş direktorlygyna saýlandy