SPORT

Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystan Aziýanyň Kubogyny geçirmek üçin hödürnama berdiler

Özbegistanyň, Täjigistanyň hem-de Gyrgyzystanyň Futbol federasiýalary 2031-nji ýylda Aziýanyň Kubogyny almak ugrundaky halkara ýaryşy geçirmek üçin bilelikde ýüz tutdular. Bu barada 3 ýurduň futbol federasiýalary habar berýär.

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) yklymyň iri futbol ýaryşyny gurnamak üçin hödürlenen ýüz tutmany seretmäge başlady. Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa döwletleri futbol infrastrukturalaryny işjeň ösdürýär.

Özbegistanyň Futbol Assosiasiýasy goňşy döwletleri bilen bu ýaryşy ýokary derejede gurnamaga taýýardygyny beýan etdi. Daşkent, Namangan, Fergana we Karşi şäherlerindäki stadionlar halkara ülňülerine laýyk getirildi.

Şeýle hem sebit ýurtlary ýaşlaryň arasynda yklym derjesinde hem-de dünýä derejesinde futzal ýaryşlaryny hem gurnadylar.

AFK-nyň talaplaryna görä, Aziýanyň Kubogy ýaryşynyň açylyş hem-de final ýaryşlarynyň geçiriljek stadionlarynyň azyndan 50 müň janköýeri kabul etmek mümkinçiligine eýe bolmalydyr. Gyrgyzystanyň paýtagy Bişkekde gurulýan “Bişkek-Arena” stadiony 51 müň janköýere niýetlenendir.

Häzikri wagtda 2031-nji ýylda bu iri ýaryşy gurnamak üçin Kuweýt, Indoneziýa we BAE hem hödürnamalary berdi. AFK-nyň ýolbaşçy düzümi bu ýaryşy geçirjek ýurdy 2026-njy ýylda saýlar.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: ABŞ-nyň ýygyndysy rekord bilen başlady

Dünýä çempionaty başlady: Meksika we Günorta Koreýa ýeňiş gazandy

“Forbes”: dünýä çempionatyna gatnaşýan iň köp girdeji gazanýan 11 futbolçy

Dünýä çempionaty: 22 dünýä çempionatyny 43.9 million janköýer tomaşa etdi

Žoze Mourinýo 13 ýyldan soňra ýene-de “Reala” dolandy

Türkmenistanyň türgenleri 2026-njy ýylyň ilkinji bäş aýynda 301 medal gazandy