DÜNÝÄ

6-njy mart – Halkara diş lukmanlary güni

Her ýyl 6-njy martda dünýäniň köp ýurdunda diş lukmanlarynyň hünär baýramçylygy – Halkara diş lukmanlary güni bellenilýär. Bu hünär baýramçylygynyň bellenilmegine bu ugurda oýlap tapylan öňdebaryjy işler nusga boldy.

1790-njy ýylda Waşington şäheriniň diş lukmany we Jorj Waşingtonyň şahsy diş lukmany Jon Grinwud diş boruny (diş bejermekde ulanylýan polat buraw) oýlap tapdy. Soňra diş pastasynyň hem-de diş çotgasynyň oýlanyp tapylmagy bu ugurdaky görnükli işler boldy.

Halkara diş lukmanlary güni ilki bilen diňe ABŞ-da milli hünär baýramçylygy hökmünde bellenilýärdi. Soňra Demirgazyk Amerikada giňden ýaýrady.  Bu baýramçylygy ilkinji bellän Amerika yklymynyň daşyndaky ýurt Hindistan boldy.

Stomatologiýa lukmançylygyň iň gadymy pudaklaryndan biridir. Häzirki wagtda, diş lukmanyna baryp görünmedik adam az-az bolsa gerek.

Related posts

Si Szinpin ýuany dünýä ätiýaçlyk walýutasyna öwürmäge çagyrdy

Azerbaýjanyň Premýer-ministr Ali Asadow Aşgabada geler

Nobel hepdeligi: edebiýat baýragynyň eýesi belli boldy

Ata Watan Eserleri